«Halallyk kyssalary» atly bu kitaba häzirki zaman arap edebiýatynda söýlüp okalýan eserleriň birnäçesi girizildi. Kerim aş--Şaziliniň «Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary», Aşraf Şahiniň «Durmuş meýdanynyň gerçekleri», Aid al-Karniniň «Gamgyn bolma!» atly eserleri diňe bir arap dünýäsinde meşhur bolman, eýsem, olar dünýäniň birnäçe dillerine hem terjime edilen eserlerdir. «Durmuşy öwredýän tymsallar» atly bölümde ýerleşdirilen gysgadan manyly tymsallar bolsa häzirki zaman arap eserlerinden saýlanyp ter-jime edildi. Edil şonuň ýaly «Türkmenler hakda 100 hekaýat» atly bölümde ýerleşdirilen rowaýatlar hem orta asyr arap çeşmeleri esa-synda terjime edilendir. «Halallyk kyssalary» atly jemleýji bölüm bolsa Rahmet Gylyjowyň şol ugra dahylly taryhy kyssalara, durmuşy wakalara özboluşly döredijilikli çemeleşmesiniň miwesidir.